- göreş
- 1) Sport termini Biri-birini ýykmak maksady bilen geçirilýän sportuň bir görnüşi.∙ Pälwanlar orta çykyp, iki-bir, iki-bir tutluşyp, göreş başlanýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Ol köne toýlarda göreş tutup, az wagt pälwançylyk hem edipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Göreşde ataňy-da sylama. (Nakyl)2) Söweş, uruş.∙ Elbetde, göreş meýdanyna giren garşylyk görer. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Synpy göreş.3) Kynçylyklary, böwetleri ýeňip bir zadyň ugrunda çalyşma, hereket.∙ Ol indi uruş oduny tutaşdyrmak isleýän nejislere garşy halkyň alyp barýan göreşi hakynda gürrüňe başlady. (A. Pürliýew, Ilkinji gün)∙ Halklaryň parahatçylyk ugryndaky göreşi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.